Ï Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen

view-icon 210
Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen

Ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlaryň giň toparynyň bolmagy «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň hünärmenlerine ýurduň demirgazyk sebitinde ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin niýetlenen akabalaryň zerur bolan geçirijilik ukybyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde suw howdanlaryny arassalamak we olaryň düýbündäki çökündileri aýyrýan beýleki ýöriteleşdirilen enjamlar bilen bir hatarda, birnäçe ýyl mundan ozal döwlet tarapyndan satyn alnan Gollandiýanyň ady belli bir kompaniýasynyň «Beaver-40» kysymly ýokary öndürijilikli läbik sorujysy-da işjeň ulanylýar. Bu läbik sorujylar tygşytlylygy we işleýşiniň sadalygy, toprak alyş çuňlugynyň ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Bu müdirligiň işgärlerine Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam edýän suw desgalarynyň netijeli we tygşytly ulanylmagyny öňe sürmäge mümkinçilik berýän meýilnamalaşdyrylan işleri öz wagtynda we ýokary derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Tutuş ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde hem suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak, suwarymly ýerleriň abadanlaşdyrylyş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak we suwaryş desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak meselelerine köp üns berilýär. Bu ýerde iň döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar, zerur bolan öňdebaryjy enjamlaryň döwlet tarapyndan satyn alynmagy we üpjün edilmegi netijesinde, ýöriteleşdirilen edaralaryň we guramalaryň, şol sanda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň-de maddy-tehniki binýady ýyl-ýyldan güýçlenýär.