Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherinde iş saparynda boldy.
Türkmen gümrük edarasynyň saýtynda habar berilişine görä, bu sapar 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde geçirildi.
Wekiliýetiň agzalary Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal gümrük gullugynyň resmileri bilen duşuşdylar. Halkara gümrük gatnaşyklary departamentiniň direktory Soud Alagrubi Federal gümrük gullugynyň işi we ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmekde toplanan tejribe barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça hyzmatdaşlyk meselesine garadylar. BAE-niň wekilleri bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdiler.
Türkmen hünärmenleri şeýle hem Dubaý şäher gümrükhanasyna, Jebel Ali deňiz portuna we Dubaý Gümrük akademiýasyna baryp gördüler.
Jebel Ali deňiz portunyň wekilleri wekiliýetiň agzalaryny gözden geçirmekde, ýük ulaglaryny we konteýnerleri barlamakda ulaglary radioaktiw skanirlemek üçin ulanylýan innowasion ulgam bilen tanyşdyrdylar. Çuň aralaşýan täsiri netijesinde barlagdan geçirilýän zatlar harytlara we azyk önümlerine zeper ýetirmezden düýpli barlanýar hem-de gadagan edilen zatlar kesgitlenýär. Ulgam sagatda 8-15 km tizlik bilen ýöreýän 150 ýük awtoulagyny skanirlemäge ukyplydyr.
Dubaý Gümrük akademiýasyna saparda gümrük işlerini öwretmegiň innowasion usullary, hususan-da göni ýaýlymda howaýy okatmagyň usuly öwrenildi.