Ï Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge ygrarly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Italiýa köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge ygrarly

view-icon 141

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Taraplar halkara guramalaryň we «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň meýdançasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şol gün türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, italýan tarapyna Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Arheologiýa, bilim we medeniýet ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar syýasy dialogy işjeňleşdirmekde we dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde özara ygrarlylygyny tassykladylar.