Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan BMGÖM / GCF-iň «Türkmenistanda milli uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek» taslamasy bilen bilelikde «tegelek stol» geçirildi.
Bu çäre, gepleşiklere itergi bermek we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ugurlaýyn ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň wekillerini we Türkmenistanyň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan ybarat gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.
Bu çärede ýurdumyzda Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň (MUM) geljekde durmuşa geçirilmegi üçin elýeterli tehnologiýalaryň maglumatlar binýady görkezildi.
«Tegelek stola» gatnaşanlar ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmegiň aýratynlyklary we esasy meseleleri çözmekde innowasion tehnologiýalaryň orny bilen tanyşdylar. Oňa gatnaşanlaryň dykgatyna Türkmenistanyň uýgunlaşma zerurlyklaryna laýyk gelýän tehnologiýalary ýüze çykarmak we kesgitlemek boýunça giňişleýin çemeleşmeler-de ýetirildi. Şeýle hem, bu çäräniň çäginde amaly çözgütler we öňdebaryjy gurallary milli uýgunlaşma taslamalaryna birleşdirme strategiýalary barada pikir alyş-çalşygy bolup geçdi.
Bu başlangyç Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri edarawi mümkinçiliklerini güýçlendirmek we innowasion çözgütleri kabul etmek arkaly çözmäge ygrarlydygyny görkezýär. Işlenip düzülen maglumatlar binýady pudaklaryň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak strategiýalaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas döredip, karar kabul edýän adamlar we gyzyklanýan taraplar üçin özen bolar.