Ï Bäşim Nuralynyň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik barelýefi Türkmenistanyň sergi merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäşim Nuralynyň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik barelýefi Türkmenistanyň sergi merkezinde

view-icon 1431
Bäşim Nuralynyň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik barelýefi Türkmenistanyň sergi merkezinde
camera-icon
Ahmet Taňrygulyýew

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi milli medeni däpleri gorap saklamaga we ösdürmäge hemişe uly üns berýär. Ýurtda her ýyl sungatda görnükli şahsyýetler bilen baglanyşykly unudylmajak dürli seneler bellenilýär. Olardan milli sungat mekdebine saldamly goşant goşan ussatlara aýratyn hormat goýulýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň ilkinji halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň 125 ýyllygy mynasybetli Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde iki sany döredijilik eseri – türkmen suratkeşini şekillendirýän relýef we barelýef goýlupdyr.

Suratkeş we relýef sungatynyň hünärmeni Aleksandr Kaşirskiý tarapyndan döredilen bu eserler milli şekillendiriş sungatyny esaslandyryjynyň hatyrasyny ebedileşdirýär. Bäşim Nuralynyň keşbi bürünçde we agaçda şekillendirilipdir, bu bolsa onuň mirasynyň bakylygyny we mäkämligini alamatlandyrýar.

Bäşim Nuraly sungat işine başlanda, ýaşy ýigrimiden ýokary däldi. Ýöne ajaýyp zehini we sungata bolan öňüni alyp bolmajak ymtylyşy Türkmenistanda milli surat mekdebini döretmäge hyzmat etdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilikli zehinli çagalary üçin iň görnükli sungat mekdepleriniň biri-de Bäşim Nuralynyň adyny göterýär. Mekdepde ussadyň kiçijek muzeýi guralypdyr, bu ýerde onuň saz gurallary, garalamalary we beýleki ýadygärlik zatlary görkezilýär. Okuwçylar şeýle mekdepde okaýandyklaryna buýsanç duýýarlar.

– Bu ýyl – şanly senelere baý – diýip, Aleksandr Kaşirskiý aýdýar. – şonuň üçin-de biziň esasy wezipämiz milli medeniýetiň düýbüni tutanlary we täze nesillere ylham bermegi dowam etdirýänleri unutmazlykdyr. Ine, Türkmenistanyň halk ýazyjysy we şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ýubileýi ýakynlaşýar. Men bu waka bagyşlap hem döredijilik sowgadymy taýýarladym.

Aleksandr Kaşirskiý indi ýedi ýyl bäri sergilerde relýef işlerini görkezýär. Ýadawsyz zähmet çekip, täze-täze eserler döretmek bilen, ol sungatyň diridigini we ösýändigini görkezýär. Onuň eserlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň görnükli şahsyýetleriniň şekillerini görmek bolýar. Mysal üçin, Molýeriň we Dostoýewskiniň ýubileýine bagyşlap, olaryň asyl portretlerini döretdi.

Ussat, döwürdeşlerimizi-de unutmaýar. Onuň täze işleriniň arasynda aýdymçy Bahar Durdyýewa, Begenç Moşşyýewe we başgalara bagyşlanan işler bar.