Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen guralýan bäsleşik «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy.
Goşgularyň we makalalaryň bäsleşigini ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde yglan etdi.
Bäsleşik ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly ýyllarynyň içinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryndaky ägirt uly ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda durmuşa geçirilýän beýik işleri wagyz-nesihat etmegi maksat edinýär.
Bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden döredijilik bilen meşgullanýan, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňiji bolmadyk raýatlar gatnaşyp bilerler. Şonuň ýaly-da bäsleşige hödürlenýän goşgularda, makalalarda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin älem içre meşhur bolan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň waspy beýan edilmelidir.
Bäsleşik şu ýylyň dekabr aýynda has-da giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda jemlener.