Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Çärjew we Köýtendag etrap polisiýa bölümleriniň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bölümleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Täze binalaryň degişlilikde «Haýyrly ädim» hojalyk jemgyýeti we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilendigini bellemek buýsançlydyr. Täze edara binalarynyň açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Çärjew we Köýtendag etraplarynyň polisiýa bölümleriniň, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda edilen buýsançly çykyşlarda bu gullugyň işgärlerine halkymyzyň asudalygyny, bagtyýar durmuşyny goramaklyga döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu ýerlerde joşgunly aýdym-sazlara hem giň gerim berilmegi, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi. Soňra dabara gatnaşyjylar täze binanyň iş şertleri bilen tanyşdylar. Ulanylmaga berlen täze binalarda dünýäniň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylyp, awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklamaklyga we barlag işlerini gysga wagtyň içinde geçirmeklige zerur mümkinçilikler döredilipdir. Bu bolsa, ýol hereketiniň kadalaryny takyk berjaý etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda welaýatyň Kerki etrabynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň durky düýpli täzelenen edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen açylyş dabarasy oňa gatnaşyjylaryň hoşallyk çykyşlary, etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy.
Täze bina häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilip, gullugyň işgärleriniň ýokary derejede iş alyp barmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Hususan-da, bu ýerde elektron maglumatlaryny almak we olary resmileşdirmek sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrylar, şeýle hem internet ulgamynda bölümiň ýörite internet sahypasy hereket eder. Binada raýatlara migrasiýa hyzmatyny etmek boýunça hem ähli amatly şertleriň döredilendigini belläp geçmek bolar.