Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni – harby gullukçylary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny birleşdirýän möhüm baýram bellenilýär. Bu şanly senäniň hormatyna dabaralar, konsertler we sergiler guralýar.
Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Watan goragy – mukaddes borç» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Konserti harby we hukuk goraýjy guramalaryň goldawy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi gurady.
Konsertde harby gullukçylaryň we talyplaryň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, ak mermerli Aşgabady, asuda durmuşy we parahatçylyk hem abadançylyk syýasatyny wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda tapawutlanan harby gullukçylaryna hyzmatlary we wepalylygy üçin ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary «Ýaş zehin» atly aýdym-sazly telegepleşigiň ýazgysyna gatnaşdylar. Gepleşigiň ýörite goýberilişi baýramyň öňüsyrasynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda görkeziler. Okuwçylar bagtly döwür we ýurdumyzyň gazananlary barada watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abadan Watanyň goragynda» atly sergi açylar. Sergi ýurduň gahrymanlaryna we Watan goragçylaryna bagyşlanar.
Watan Goragçylarynyň gününi bellemek howpsuzlygymyzyň goragynda duran esgerlere hormat we hoşallyk bildirmekdir. Bu gün Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň – oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we düýpli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýar. Ýurdumyzyň goranyşa esaslanýan harby taglymaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň kepili bolup hyzmat edýär.