Ï Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabara geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabara geçirildi

view-icon 3413
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher we Çärjew etrap komitetleriniň hem-de Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň bilelikde guramaklarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan – biziň başymyzyň jygasy, Watan – nesilleriň tämiz sabasy» ady bilen dabara geçirildi.

Ata Watanymyza bolan bimöçber söýginiň ýüze çykmasyna öwrülen bu watançylyk çäresine ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümleriň gullukçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň atasy, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan goragynda görkezen, ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülen gahrymançylygy, Watan mertebesiniň, Watan topragynyň mukaddesligi, ene topragy goramagyň, gözümiziň göreji ýaly ezizläp saklamagyň nesilleriň mukaddes borjudygy barada edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik watançylyk taglymaty, peder ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň dost-doganlyga ýugrulan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde eýeleýän möhüm ähmiýeti, 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edilmeginiň çuňňur mazmuny baradaky çykyşlar hem aýratyn täsirli boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň bu ýerde ýerleşdirilen, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gerçek ýigitlerimiziň görkezen gaýduwsyzlygyny, ildeşlerimiziň tylda çeken gahrymançylykly zähmetini teswirleýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary, ýaş nesilleriň merdana pederlerimiziň şöhratly ýoluna bolan buýsançlaryny artdyrdy.