Ï Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 1787
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gruziýanyň DIM-nde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Ilçi M.Boçorişwilini Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we oňa döwlet ähmiýetli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek giň gerimli halkara çäreler barada Ministre habar berdi.