Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Şotlandiýanyň Milli baýramyna – görnükli şahyr we folklorçy Robert Bernsiň doglan gününe bagyşlap dabaraly agşam geçirdi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň agzalary we diplomatlar gatnaşdylar.
Gutlag ýüzlenmesinde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň şahsyýetini kemala getirmekde möhüm ornunyň bolandygyny we mirasynyň henizem köp nesillere ylham berýändigini aýtdy. Edil şonuň ýaly-da, Robert Berns Şotlandiýanyň medeniýetine möhüm täsir edipdir we diňe bir Şotlandiýada däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da möhüm şahsyýet hökmünde tanalýar.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow-da Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini aýtdy. Ol döredijilik toparlarynyň halkara çärelere gatnaşmagy halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi güýçlendirýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
2024-nji ýylyň maý aýynda Londonda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bolup geçdi. Bu başlangyçlar edebi alyş-çalşyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamak bilen, iki ýurduň şahyrlarynyň arasynda birek-birege hormat bildirmäge mümkinçilik döredýär.
Dabaraly agşam Bernsiň goşgularynyň okalmagy, «Keýli» şotland tanslarynyň ýerine ýetirilmegi we «Haggis» milli şotland tagamlarynyň hödür edilmegi bilen dowam etdi.
Şotland däp-dessurlaryna uly gadyr goýan Robert Berns milli medeniýetiň nyşany we şotland ruhunyň janly şaýady hökmünde beýan edip, bu tagama giden bir waspnama bagyşlapdyr. Onuň goşgularynda «Haggis» diňe bir ýönekeý nahar hökmünde däl-de, eýsem, adamlary birleşdirip, baýram howasyny döredip bilýän hakyky sungat hökmünde görkezilýär.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen halkyny Beýik Britaniýanyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreleri guramak arkaly iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Robert Bernsiň doglan gününi bellemek bu ugurda ýene bir ädim boldy.