Ï Şekillendiriş sungaty muzeýi Watan goragçylarynyň gününi belleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şekillendiriş sungaty muzeýi Watan goragçylarynyň gününi belleýär

view-icon 1935
Şekillendiriş sungaty muzeýi Watan goragçylarynyň gününi belleýär
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

27-nji ýanwarda türkmen raýatlary milli baýram – Watan goragçylarynyň gününi belleýärler. Bu senäni Watan goragçylary bilen bilelikde tutuş ýurduň ilaty belleýär. 

Kyn pursatda halkyny janyndan geçip goramaga taýyn harby gullukçylara şäherlerde we obalarda uly hormat goýulýar.

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda türkmen suratkeşleriniň bu baýrama bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy. Serginiň merkezinde Nikolaý Çerwýakowyň «Söweşiji suratkeşler» atly köp şekilli suraty ýer alypdyr. Awtor 18 nakgaşyň suratyny çekipdir. Olaryň arasynda Y.Gylyjow, W.Pawlotskiý, N.Dowodow, M.Daneşwar we beýlekiler aňsat tanalýar. Bu surat Watan goragyna gatnaşanlaryň kysmatyna düşen şol agyr günler barada sergide gürrüň bermek üçin başlangyç nokat boldy.

Robert Şabuntsyň «Urşa ugraýyş» suratynda ýaşy ötüşen atadyr ene ýeke-täk ogluny urşa ugradýar. Hoşlaşygyň ýagşy umytlar bilen «gara habardan» hederiň badaşan soňky minutlary. Emma olaryň üçüsi hem özlerini mertlerçe alyp barýarlar, bu bolsa pursadyň dartgynlylygyny hasam artdyrýar.

Toýly Hajyýewiň «Uruşdan gaýdyp geliş» suraty bir esgeriň şypahanadan soň ýük awtoulagynyň üstünde öýüne gaýdyp gelşini gürrüň berýär. Pişeklerini goltugyna gysyp duran esger dogduk obasynyň howasyndan doýup bilenok. Ynha, oba öýleriniň arasynda onuň öýi, ol ýerde iň ýakyn we eziz adamlary onuň gaýdyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp durlar.

Gulnazar Bekmyradow özboluşly bir surat döredipdir – «Eje, biz ýeňiş bilen gaýdyp geldik!». Suratkeş şol pursatda Ýer ýüzündäki iň bagtly zenany suratlandyrypdyr. Onuň ogullary on iki synasy sag gaýdyp gelipdir. Dünýäde şundan uly bagt ýokdur. Tomaşaçylar surata seredende, bagtdan ýaňa uçaýjak bolýan aýal bilen duýgudaş bolýarlar.

Heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew hem şol hörpden gopup, «Uruşdan geleniň garşy alnyşy» atly kiçi göwrümli heýkel toparyny döredipdir. Ýaş gelin: «Gözlerim ýolda galdy» diýýän ýaly, başyny mähir bilen adamsynyň egninde goýupdyr, gyzjagazy bolsa ellerini begenç bilen göge galdyryp, agzyndan çykjak bolup dyňzap duran: «Meniň kakam – gahryman!» diýen sözleri zordan saklaýar.

Sergide Watan goragynda bolan esgerleriň portretleri köp. Bular – «ýeňiş ussahanasynda» janaýamazakly işlän ýeňijileriň ýüzleri. 

Serhet goraýjylaryna bagyşlanan köp suratlar bar, olar hatda parahatçylyk döwründe-de Döwlet serhedini ygtybarly goraýarlar.

Sergi tomaşaçylara Watan goragçylaryna buýsanç duýmaga we olary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlamaga mümkinçilik berdi.