Ï «Bitewi saglyk» çemeleşmesi Türkmenistanda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bitewi saglyk» çemeleşmesi Türkmenistanda

view-icon 644
«Bitewi saglyk» çemeleşmesi Türkmenistanda

23-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça milli pudagara sazlaýjy komitetiň ikinji mejlisi geçirildi.

Bu ugurda bilelikdäki çäreleri sazlamak, aragatnaşyk gurmak we netijeli durmuşa geçirmek üçin milli derejede döredilen bu komitet ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekillerini öz içine alýar. Ilkinji mejlis geçen ýylyň iýun aýynda geçirildi.

Maslahatyň barşynda bu çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegi barada milli sazlaýjylaryň, şol sanda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň hasabatlary diňlendi. Maslahata gatnaşanlar «Bitewi saglyk» başlangyjynyň çäginde pandemiýa garşy göreş gaznasynyň «Öňüni alyş, taýýarlyk we pandemiýa jogap çäreleri» taslamasynyň gidişi bilen tanyşdylar.

Adam saglygyny goramak, haýwan we ekologik ulgamlary gorap saklamak we bu degişli pudaklaryň dürli howplara taýynlygynyň arasyndaky özara baglanyşyk hem durnukly deňagramlylygy meýilleşdirmek ýaly toplumlaýyn, birleşdirilen saglygy goraýşa umumy milli çemeleşme mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çemeleşme gurak howa şertlerinde epidemiologik gözegçiligiň innowasion usullaryny derňemek we howanyň üýtgemegi şertlerinde kesellere garşy göreşmek üçin ulanylýar.