Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň energetika ulgamy hakynda edýän bimöçber aladalaryndan ruhlanan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň önümçilik düzümleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli zähmet çekýärler. Şeýle kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tagallalary netijesinde mundan 15 ýyla golaý wagt ozal halkara ülňülerine laýyklykda gurlup, ulanyşa tabşyrlan möhüm desgada işler ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilýär. Şeýle-de Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny ygtybarly üpjün edýär.
Hut şu maksat bilen işe girizilen elektrik stansiýasynyň önümçilik kuwwaty hem 254,2 megawata deňdir. Bu ýerde iki sany gaz turbinasynyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi önümçilik desgasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şeýlelikde, ol elektrik energiýasyny öndürmekde işleriň saz we bökdençsiz ýola goýulmagynda derwaýys ähmiýete eýedir. Kärhana kuwwatly gaz turbinalary, şol sanda dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirilen ýokary kuwwatlykly enjamlar bilen üpjün edilendir. Şonuň ýaly-da döwrebap tehnologiki elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen bu ýerde emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar.
Häzirki wagtda gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, kenarýaka şäherini elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edýär. Olardaky turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemekleri üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisem awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa birikdirlendir. Açyk paýlaýjy enjam, şeýle-de kuwwatly enjamlar toplumy turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Desga düzüminde 15 sany podstansiýany jemlemek bilen energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.
Awazaly energetikler ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, şan-şöhrata beslenip geçen ýylynda hem guwandyryjy önümçilik netijelerini gazandylar. Has takygy, geçen ýylyň jemleri boýunça kärhanada öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi 1 milliard 291 million 914 müň kilowat sagada barabar boldy. Bu bolsa degişli meýilnamanyň 102 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Kuwwatly kärhanada önümçiligiň ösüş depginem 114 göterim ýokarlandy.
Agzybir kärhananyň energetikleri ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi görnükli görkezijilere beslemek üçin has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.