Ï Arkadag şäherinde harby gullukçylara täze öýleriň açarlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde harby gullukçylara täze öýleriň açarlary gowşuryldy

view-icon 1889
Arkadag şäherinde harby gullukçylara täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Arkadag şäherinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine döwrebap öýleriň açarlaryny gowşuryş dabarasy bolup geçdi.

Çäräniň öňüsyrasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň garry atasynyň ýadygärligine gül goýuldy.

Çärä gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasyna we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasyna – ilhalar ynsan, watansöýüji esger hem-de ussat mugallyma hormatlaryny beýan etdiler, görnükli eždadyň edermenliginiň häzirki nesillere ylham bermek bilen, mertligiň we watançylygyň nusgasy bolup durýandygyny bellediler.

Harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine täze amatly öýleriň açarlaryny gowşurmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, döwlet Baştutanymyz tarapyndan dowam etdirilýän özgertmeleriň amala aşyrylmagynda ýene bir ädim boldy. Bu özgertmeler jemgyýetiň abadançylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrýan häzirki zaman ýaşaýyş şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Bu bolsa döwletiň «Döwlet adam üçindir!» diýen durmuşy syýasatyna we ýörelgesine ygrarlydygyny görkezýär.