Ï Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berilýär

view-icon 1823
Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berilýär

Daşoguz şäheriniň ýaşaýyş toplumynda köp öýli ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda, soňky ýyllarda dürli görnüşli hususy öýleriň sany hem ep-esli artdy. Bu ýerde şeýle jaýlar, şol sanda uzak möhletleýin karz maksatnamasynyň çäklerinde-de depginli bina edilýär. 

Şu günler «Dostluk» ýaşaýyş toplumynda bir gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçe hatary bina edilýär we olarda oňaýly ýaşamak üçin hemme şertler döredilýär. Kottej görnüşli öýleriň köpüsi «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda hem-de Daşoguzdan Görogly etrabyna barýan ýoluň ugrunda guruldy we bina edilýär. Olaryň köp bölegi hususy gurluşyk düzümleri tarapyndan gurulýar.

Hususyýetçi gurluşykçylaryň işjeň hereketleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň depginlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berendigini bellemek gerek. Şähergurluşyk ulgamynda hususy düzümleriň mümkinçilikleriniň aýdyň mysaly hökmünde welaýatyň dolandyryş merkezinde geçen ýylyň ahyrynda ýokary amatlygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 70-sinden ybarat täze ýaşaýyş toplumynyň ulanylmaga berlendigini-de görkezmek bolar. Häzirki wagtda hem hususy kärhanalaryň güýçleri bilen şäheriň boş ýerlerinde gurluşyklar işjeň alnyp barylýar, durmuş-medeni maksatly desgalaryň toplumy, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar ösdürilýär.