Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1354

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Draupadi MURMU,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Narendra MODI,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli Tunisiň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikde işlemäge ygrarlydygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Kamel MADDURI,
Tunis Respublikasynyň Premýer-ministri.