Merkezi Aziýa ýurtlary saglygy, ykdysady durnuklylygy, ösüşi we daşky gurşawyň arassalygyny berkitmek maksady bilen, pandemiýalaradyr epidemiýalara taýýarlygy hem-de olara garşy göreşmek ukybyny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk edýärler.
Merkezi Aziýa ýurtlary pandemiýanyň öňüni almak we «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek maksady bilen «Bitewi saglyk» atly dört tarapdan goldanylýan birleşmäni durmuşa geçirmegiň üstünde işleýärler. Bu bileleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy, Bütindünýä banky we Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaly guramalar girýär.
Taslamanyň esasy maksady pandemiýa döwründe dolandyryşa gatnaşýan weterinariýa, ekologiýa we lukmançylyk ulgamlaryny berkitmek hem kämilleşdirmekdir. Ol mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiligini artdyrmaga kömek edýär, bu bolsa geljekki pandemiýalaryň täsirini azaldýar.
2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ýerine ýetiriji guramalar Aşgabatda ýyllyk Milli utgaşdyryjy maslahatyny geçirdiler. Duşuşykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugy, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi ýaly taslamany durmuşa geçirýän hyzmatdaşlar, şeýle hem başga gyzyklanýan taraplar ýygnandylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar taslamany durmuşa geçirmekdäki öňegidişlige baha berdiler we sebitdäki «Bir umumy saglyk» başlangyçlarynyň üstünde işleýän guramalar bilen hyzmatdaş edaralaryň arasynda sazlaşygy gowulandyrmak mümkinçiligini kesgitlediler. Duşuşyga gatnaşanlar tejribe alyşdylar we mundan beýläkki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.