Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Göreldeli gümrük işgäri» we «Ýylyň gümrük nokady» ady bilen geçirilen bäsleşikleriň jemi jemlendi.
Göreldeli gümrük işgäri saýlananda, onuň gullugynyň we zähmet düzgün-nyzamynyň ýagdaýy, wezipeli adamlaryň umumy hünär derejesi, resmi borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekdäki üstünlikleri hasaba alyndy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Lebap welaýat gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük geçelgesi 2024-nji ýylyň iň gowy «Ýylyň gümrük nokady» diýlip ykrar edildi. Gümrük nokady soňky bir ýylda alyp baran işlerinde we daş-töweregi abadanlaşdyrmakda ýokary öndürijilik görkezijileri bilen tapawutlandy.