Ï Türkmenistanda salgyt düzgünleşdirmesi we BSG-niň kadalary boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda salgyt düzgünleşdirmesi we BSG-niň kadalary boýunça maslahat geçirildi

view-icon 404
Türkmenistanda salgyt düzgünleşdirmesi we BSG-niň kadalary boýunça maslahat geçirildi

Aşgabatda «Salgyt düzgünleşdirmesi we Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalary: howplary azaltmagyň ýollary barada amaly maslahatlar» atly maslahat geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «DÖM-i durmuşa geçirmek üçin ýerlik, III tapgyr» taslamasynyň çäginde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, bank edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlar BSG-niň çäginde salgyt salma meselesi, şol sanda salgyt salmagy ulanmak babatynda iň köp halanýan düzgün we milli çemeleşme ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Täze agzalaryň Bütindünýä Söwda Guramasyna girýän ýagdaýyndaky goşmaça salgyt borçlary jikme-jik seljerildi.

Halkara bilermen salgyt kanunçylygyny işläp düzmekde we bu düzgünleri salgyt dolandyryş tejribesinde ulanmakda BSG-niň düzgünlerini bozmak howpuny azaltmagyň ýollary barada gürrüň berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň çäginde salgyt salmakda milli özygtyýarlylygy saklamak we berkitmek strategiýasyna amal etmek maslahat berildi.

BMGÖM-iň hünärmeni Anait Smbatýanyň aýtmagyna görä, salgyt salmakda islendik kararlar we halkara borçlar çynlakaý ykdysady we sosial netijelere getirip biler. Şonuň üçin BSG-niň düzgünlerini bilmek, olary ulanmak tejribesi, howpa, şonuň ýaly-da bu gurama giren beýleki ýurtlaryň ýalňyşlyklaryna düşünmek jikme-jik oýlanyşyklara we BSG-ä girmek işinde Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak üçin gepleşik ornuny öňünden taýýarlamaga mümkinçilik berer.