2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda bu şäherde ýerleşen diplomatik toparyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.
Çäräni BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tatýana Walowaýa gurady. Bu çärä Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa edarasyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew hem gatnaşdy.
Çäre jemgyýetçilik we hökümete dahylsyz guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň we ylmy toparlaryň wekillerini bir ýerde jemledi. Tatýana Walowaýa öz çykyşynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini beýan etdi. Ol häzirki zamanyň bütindünýä şertinde parahatçylygy we gepleşikleri goldamagyň möhümdigini aýtdy. Hanym Walowaýa döwletleriň arasyndaky ynamy berkitmekde köpçülikleýin tagallalaryň ähmiýetini we köptaraplaýyn diplomatiýanyň bu maksatlara ýetmekdäki ornuny belläp geçdi.
Ondan soň BMG-niň ýanyndaky Parahatçylyk uniwersitetiniň (UPEACE) hemişelik synçysy Dewid Fernandes Puýana çykyş etdi. Ol çykyşynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we gepleşikleriň, esasanam, häzirki günlerdäki ähmiýeti barada aýtdy. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň bu gymmatlyklary goldamakdaky goşandyny aýratyn belläp geçdi.
Şeýle hem jenap Puýana BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlatmak bilen, bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölümindäki hemişelik wekili Wepa Hajyýew öz çykyşynda parahatçylyk we ynanyşmak mowzugynyň wajyplygyna ünsi çekdi. Ol ýygnananlara Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri barada jikme-jik maglumat berdi we 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararlary bilen birnäçe gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemeginiň ähmiýetini nygtady.
Ilçi W.Hajyýew Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gepleşikleri ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we durnukly parahatçylygy üpjün etmek üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Ženewada geçen çäre hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak we döwletler bilen halkara guramalaryň arasynda gepleşikleri güýçlendirmek üçin möhüm ýerlik boldy. Duşuşyga gatnaşanlar dünýä derejesinde parahatçylygy, ynamy we durnuklylygy goramak boýunça umumy tagallalara ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.