Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary kuwwatlykly kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma pudagynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn işler bolsa bu kärhananyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerini şertlendirýär.
Häzirki wagtda ajaýyp taryhy eýýamyň ägirt uly ösüşlerinden ruhlanan önümçilik toplumynyň zähmet topary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi ýokary öndürijilikli zähmete besleýärler. Olar bu ýerde ösen tehnologiýalardan, kämil tilsimatlardan netijeli peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de möçberiniň artmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Dokma senagatynyň buýsançly ösüşlerine saldamly goşant goşýan agzybir kärhanada işler guramaçylykly amala aşyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem kärhanada öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli ýüplükleriň hyrydarlary barha artýar. Bu bolsa kärhananyň harytlyk nyşanly önümleriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlaryň sarp edijileriniň arasynda-da giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Kärhananyň zähmetsöýer, ussat dokmaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda buýurmalar esasynda 4210 tonna ýokary hilli ýüplükleri öndürdiler. Önümleriň maliýe hasabyndaky möçberi 135 million manada golaý boldy.
Şu günlerde bolsa «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ähli bölümlerinde işler saz we bökdençsiz ýagdaýda kämil önümçilik talaplaryna laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň batly gadamlaryndan habar berýär.