Ï Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1929
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler.

Konstruktiw söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlygyklaryny bellediler.