Ï “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna müň ýewrodan pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna müň ýewrodan pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi

view-icon 2179

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi.