Ï Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana hyzmatlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana hyzmatlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1313
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana hyzmatlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky bölüminiň goldawy bilen saglyk pudagynda barlaghana hyzmatlaryny ösdürmek boýunça milli syýasatyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, Döwlet etalon merkeziniň, Oba hojalygy ministrliginiň döwlet weterinariýa gullugynyň we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň barlaghana hyzmatlary boýunça milli iş toparynyň agzalary we Arkadag şäherinden hem-de welaýatlardan gelen lukmanlar gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlar «2022 – 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Saglyk pudagynyň barlaghana hyzmatyny ösdürmegiň amaly meýilnamasyny» durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere baha bermek bilen, saglyk pudagynyň milli barlaghana hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin, täze hereket meýilnamasynyň işlenip düzülmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Täze meýilnama häzirki meýilnamanyň gazananlaryna esaslanmak bilen, ýakyn ýyllarda strategik taýdan ileri tutulýan ugurlary kesgitlär.

Bu çäre «Merkezi Aziýa ýurtlarynda «Bitewi saglyk» başlangyjynyň çäginde «Pandemiýalaryň öňüni almak, taýýarlyk we pandemiýalara garşy göreş» taslamasynyň goldawy bilen geçirildi.