Ï Türkmenistanly hünärmenler Almatyda geçirilen energetika boýunça okuwlara gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly hünärmenler Almatyda geçirilen energetika boýunça okuwlara gatnaşdylar

view-icon 841
Türkmenistanly hünärmenler Almatyda geçirilen energetika boýunça okuwlara gatnaşdylar

Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşyklary» taslamasy tarapyndan guralan model esasynda energetika we howa pudagynda toplumlaýyn derňew boýunça üçünji, jemleýji sebitleýin okuwlara gatnaşdy.

Almatyda geçen bu okuw ýaş hünärmenleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň milli bilermenlerini bir ýere jemledi. Okuwa gatnaşanlar energetika we howa pudagynda mukdar taýdan modellemegi, derňewiň tehniki usullaryny we olaryň strategik resminamalaryň we giňişleýin meýilnamalaryň taýýarlanyşy bilen baglanyşygyny öwrendiler.

SECCA taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli energetika pudagynyň modellerini işläp düzmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işiniň çäginde her bir peýdalanýan ýurtdan iki sany ýaş hünärmeni öz içine alýan modelleme boýunça sebit toparyny döretmek bilen, 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, 2025-nji ýylyň ýanwaryna çenli döwürde energetika modellemesi boýunça üç  sebitleýin okuw geçirdi.

Okuwlaryň maksady milli we sebit derejesinde çylşyrymly energetika ulgamlarynyň derňewi we modellemek bilen baglanyşykly esasy düşünjeleri, nazary we amaly çemeleşmeleri öwretmekden ybarat boldy.