Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatyna görä, fewral aýynyň başynda üýtgäp durýan howa bolup, güneşli howa bulutly howa bilen gezekleşip durar, hepdäniň ahyrynda bolsa ýagyn ýagar diýlip çak edilýär.
Aşgabatda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15 gradus bolar we gijelerine +2…+4 gradusa barabar bolar. Hepdäniň ahyrynda az-kem gar we ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Dynç günleri howanyň temperaturasy 0…+2 gradusa çenli peseler.
Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy hepdäniň başynda gündizlerine +15 gradus, gijelerine +1…+6 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda ýagyş we çygly gar görnüşinde ygal düşmek ähtimallygy ýokary. Howanyň temperaturasy –2…+3 gradusa çenli peseler.
Balkan welaýatynda bulutly we şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10…+15 gradus, gijelerine +2…+7 gradus bolar. Käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri howanyň temperaturasynyň +3 gradusa çenli peseler diýlip çak edilýär.
Mary welaýatynda wagtal-wagtal bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda howanyň temperaturasy gündizlerine +18 gradus, gijelerine bolsa +1…+6 gradus bolar. Dynç günleri ýagyş gatyşykly garyň ýagmagy mümkin. Termometriň simap sütünleri +2 gradusa çenli düşer.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13…+18 gradus, gijelerine 0…+5 gradus bolar. Käbir ýerlerde az wagtlyk ýagyş ýagar. Dynç günleri gar ýagar. Howanyň gündizki temperaturasy –1…+4 gradus, gijeki temperaturasy –5 gradusa barabar bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +7…+12 gradus, gijelerine –2…+3 gradus bolar. Dynç günleri ygal düşmek we howanyň gündizki temperaturasynyň –3 gradusa çenli peselmek ähtimallygy ýokary. Gijelerine –7 gradusa çenli sowuk bolar diýlip çak edilýär.