2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen aralykda daşalýan harytlar we gatnaýan ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web-saýtynda habar berilýär.
Bu resminama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda daşalýan harytlar we gatnaýan ulag serişdeleri barada deslapky maglumat alyş-çalşygyny guramak barada 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişiniň çäginde işlenip düzüldi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda geçirilmeli maglumatlaryň düzümini tassyklaýar we maglumat alyşmagyň tertibini, formatlaryny, usullaryny hem düzgünlerini kesgitleýär.
Deslapky maglumatlary durmuşa geçirmek işi iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyr eksport beýannamalaryny synagdan geçirmegi we alyş-çalşygyna başlamagy, ikinji tapgyr bolsa üstaşyr beýannamalaryň alyş-çalşygyny synagdan geçirmegi we başlamagy öz içine alar.
Ýük barada deslapdan maglumat bermek we maglumat alyş-çalşygy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda harytlar geçirilende, gümrük amallaryny çaltlaşdyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar.