Ï Aşgabatda howanyň üýtgemegine dahylly meseleler boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda howanyň üýtgemegine dahylly meseleler boýunça maslahat geçirildi

view-icon 1447
Aşgabatda howanyň üýtgemegine dahylly meseleler boýunça maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanda ösüş toparynyň howanyň üýtgemegi boýunça sekizinji sazlaýjy maslahaty geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy tarapyndan Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda ýola goýuldy.

BMG-niň guramalarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň we hökümet müdirlikleriniň wekilleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ýurduň pes uglerodly geljege geçiş ugrundaky başlangyçlaryny sazlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Bütindünýä konferensiýasynyň netijeleri boýunça geçirilen çäreler barada täzelenen maglumaty-da goşmak bilen, ýurduň howa meýilnamasynyň çäginde ösüş hyzmatdaşlarynyň hereketlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bilen üpjün etdi.

Türkmenistanyň geljekde milli derejede kesgitlenjek goşandyny taýýarlamak we durmuşa geçirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak meselesi-de ara alyp maslahatlaşmanyň merkezinde boldy.