Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda geografiki taýdan amatly şertlerde ýerleşmegi, ýurdumyzy yklymlary birleşdirýän üstaşyr ulag geçiriji döwlet hökmünde halkara arenasyna çykarýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar Diýarymyzda awtoulag we demir ýollarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär, howa we deňiz ýollarynyň täze, netijeli ugurlary ulanylyşa girizilýär.
Biz muňa häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini mysal getirip bileris.
Biziň bilşimiz ýaly Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda, Aşgabat-Mary bölegi bolsa 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Ynha, indi hem awtobanyň üçünji tapgyry bolan Mary-Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp ulanylmaga beriljek günleri golaýlaşyp gelýär.
Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýän, umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky gol çeken Karary esasynda ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti amala aşyrýar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanylmaga berilmegi logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder, şeýle hem ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberi ep-esli artar we gatnawlary çaltlandyrmaga giň mümkinçilikler döreder. Şonuň bilen birlikde, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin has amatly şertler dörär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde, ýolagçy gatnawynyň hil derejesini has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýe boljak awtobanyň Mary-Türkmenabat böleginiň ugrunda hem dünýä ölçeglerine laýyklykda wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilen tehniki merkezleriniň birnäçesi, ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, awtoulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlary, hyzmatlar gulluklary bolar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyry ýoluň 312-nji kilometrinden başlanyp, 600-nji kilometrine çenli uzalýar.
Ýokary tizlikli ýoluň Mary-Türkmenabat böleginde tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirilipdir. Bu häzirki zaman ýolunyň gurluşygyna «Ata melhem» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçylary hem işjeň gatnaşýarlar. Döwrebap tehnikalaryň 2600-den gowragy ýoluň gurluşygynda ulanylýar. Ýokary tizlikli ýoluň asfaltynyň 1-nji gaty 10 santimetre, 2-nji gaty 7 santimetre, 3-nji gaty hem 5 santimetre barabardyr. Şeýle hem asfaltdan öň kesgitli galyňlykda toprak we dört gat geotekstil, şeýle hem ýörite örtükleriň birnäçe görnüşi halkara ölçeglerine laýyklykda kesgitlenilen tertipde düşelýär. Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabardyr.
Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ulanylmaga berilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzyň doganlyk-dostluga ýugrulan ynsanperwer syýasy ýolunyň häzirkizaman ülňülerine laýyk gelýän, milletleri we döwletleri birleşdirýän Aşgabat-Türkmenabat awtobany ýaly döwrebap ýoly bilen utgaşmagy Berkarar Diýarymyzyň syýasy we ykdysady ýörelgeleriniň beýik sazlaşygyny emele getirýär.