Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri

view-icon 3859
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasy birbada iki döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Birinjini, ýagny «Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz» bäsleşigini gazetiň işgärleri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, ikinjisini – «Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz» bäsleşigini bolsa Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň dolandyryş geňeşi bilen bilelikde geçirýär.

«Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» redaksiýa tarapyndan geçirilýän döredijilik ýaryşlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we döwletimiziň hemişelik  Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşjaklar Türkmenistanyň halkynyň häzirki eýýamda gazanan üstünlikleri we ýeten derejesi, ýurduň Garaşsyzlygy, döwletiň Bitaraplygy, ýurdumyzyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň tebigatynyň abatlygy baradaky ýadawsyz aladalary we olaryň alyp barýan Türkmenistanyň ekologik syýasatynyň netijeliligi barada gürrüň berýän şu ýylyň 20-nji awgustyna çenli neşir edilmedik makalalaryny, goşgularyny we hekaýalaryny Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly 100, Erkin döredijilik mekany, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasy salgysy boýunça ibermelidir.

Mundan başga-da, bäsleşige gatnaşjaklar özleri barada ýaşyny, işini we ýaşaýan ýerini, hünärini hem telefon belgilerini görkezýän gysgaça  maglumat bermelidir.

Bäsleşikleriň netijeleri şu ýylyň sentýabr aýynda yglan ediler. Ýeňijiler höweslendiriji baýraklar, sylaglar, hormat hatlary we sowgatlar alarlar.