Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

view-icon 3868
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň mart we aprel aýlarynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler.

Iş duşuşygyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen ÝB-iň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary syýasy derejede işjeňleşýändigini bellediler.