Ï Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda duşuşyklar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda duşuşyklar geçirildi

view-icon 2658
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda duşuşyklar geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Taraplar däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, migrasiýa pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Migrasiýa syýasaty babatynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak we güýçlendirmek Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi hanym Hua Çžunyň arasynda geçirilen duşuşygynyň hem mowzugy boldy.