2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm faktor hökmünde medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda folklor we aýdym-saz toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň wekiliýetleriniň alyşmalarynyň sany artdy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn itergi berýär.
Gepleşikleriň dowamynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.