Ï Zenanlar baýramyna 115 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlar baýramyna 115 ýyl

view-icon 3950

Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralyndaky «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Kararyna laýyklykda, ýaşyna garamazdan, türkmenistanly gelin-gyzlara pul sowgady gowşurylýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, şu ýyl ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän gelin-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan gelin-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan gelin-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji gelin-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny alarlar. Bu bolsa zenanlaryň halkyň medeni mirasyny gorap saklamakda we artdyrmakda, geçmişde we şu günki günde däp bolan maşgala gymmatlyklaryny saklamakda olaryň uly orun tutýandygyny, şeýle hem zenanlara bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Sekizinji martda ene-mamalarymyz, uýalarymyz, zenanlarymyz, gyzlarymyz gutlanylýar. Halkara zenanlar güni 2008-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet baýramlarynyň sanawyna girizildi. Däp bolşy ýaly, zenanlar ylym, medeniýet, lukmançylyk we bilim pudaklarynda gazanan üstünlikleri üçin dabaraly mübäreklenýär.

Bu baýram mynasybetli paýtagtymyzyň dünýewi we medeni durmuşynda döredijilik toparlarynyň, estrada artistleriniň çykyşlary guralar, muzeýlerde we kitaphanalarda ýörite sergiler açylar, söwda pudagynda söwdalar we ýarmarkalar guralar.

Halkara zenanlar gününi her ýyl resmi taýdan bellemek ýörelgesi 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen sosialistik zenanlaryň maslahatynda başlanýar. Zenanlaryň hukuklary ugrunda Ýewropa hereketiniň emele gelmeginde möhüm iş bitiren özgerdiji Klara Setkin şeýle baýram döretmegi teklip etdi. Şeýlelik bilen, şu ýyl zenanlar baýramyna 115 ýyl doldy. Soňra zenanlaryň hukuklary bilen baglanyşykly çäreler 1911-nji ýyldan bäri Germaniýada, Awstriýada, Daniýada we Şweýsariýada geçirilýär. 1913-nji ýylda zenanlar ilkinji gezek Russiýada, Fransiýada, Çehiýada, Wengriýada, Şweýsariýada we Gollandiýada geçirilen ýörişlere gatnaşdylar.

Ilki baýram mart aýynyň dürli günleri bellenilipdi. Ýöne 1977-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin Halkara zenanlar gününi döretdi. Şondan bäri baýramyň ideologik özeni ikinji derejä geçdi. Şeýlelikde, 8-nji mart diňe zenanlar baýramy bolup galdy.