Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň wezipesi zenanlaryň jemgyýet durmuşynda we ýurdumyzyň medeniýetinde möhüm ornuny nygtamak bilen, ene keşbiniň beýikligidir gözelligi mowzugyny beýan etmekdir.
«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» ady bilen sahnalaşdyrylan sahna oýnuny ilkinji bolup Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary görkezdi.
Bu sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky rowaýatlar esasynda goýlupdyr. Teatrda sahnalaşdyrylan Gahryman Arkadagymyzyň kitabyndan alnan parçalar, enäniň keşbini söýgüden dörän, ynsanda iň gowy zatlary özünde jemleýän ylahy sowgat hökmünde beýan edýär.
Spektaklyň drama esasyny Baýramsoltan Gurbanowa döredipdir, režissýory Öwezmämmet Galandarow. Bäsleşik sahna oýunlary Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň teatrlarynda-da geçirildi, olarda «Ejekejan», «Altynjan hatyn», «Ynsanlygyň göwher gaşy» sahna oýunlary görkezildi.
24-nji fewraldan bäsleşige paýtagtymyzyň teatrlary-da goşuldy. Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri 1-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda yglan ediler.
Halkymyzyň däp-dessurlaryny we medeni gymmatlyklaryny görkezýän täze teatr eserleri geçmiş bilen şu günüň arasynda köpri bolup hyzmat edip, taryh bilen ruhy baglanyşygy saklamaga hem berkitmäge kömek edýär we ýaşlaryň ruhy hem ahlak terbiýesine goşant goşýar.