Ï Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2845
Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda F.Kassezä türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýollanan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegine we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma çakylyk gowşuryldy.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.