Rumyniýanyň sergi pudagynda öňdäki orunda durýan «Romexpo S.A.» türkmenistanly telekeçileri 29-njy maýdan 2-nji iýuna çenli Buharestde geçiriljek «TIBCO-2025» (Targul international de bunuri de larg Consum) halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.
«Romexpo Dome» ýa-da «Romexpo Town» ady bilen-de tanalýan «Romexpo» sergi merkezinde geçiriljek bu çäre Rumyniýanyň iň uly halkara sarp ediş harytlary sergisidir. Ol 1972-nji ýyldan bäri geçirilýär.
TIBCO 1994-nji ýylda Halkara sergiler birleşiginiň senenamasyna girizildi. «TIBCO-2025» sergisinde dokma önümleri, geýim-gejim, aýakgap, gurluşyk enjamlary, ýyladyş enjamlary, arassaçylyk tehnikasy, atyrlar, oýunjaklar we azyk önümleri görkeziler.
Geçen ýyl türkmen telekeçileri bu sergide ilkinji gezek ýurdumyzyň senagat taýdan mümkinçiliklerini görkezdiler.