Ï Täze ýaşaýyş jaýlary eýelerini garşylaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýaşaýyş jaýlary eýelerini garşylaýarlar

view-icon 1386
Täze ýaşaýyş jaýlary eýelerini garşylaýarlar

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy bolup geçdi. Çäräniň çäginde içki gurluşy gowulandyrylan üç sany köp öýli bina ulanylyşa berildi.

Täze öýleriniň açarlaryny alan adamlar täze öýlerinde Halkara zenanlar gününi begenç bilen bellärler.

Dört gatly binalar – otaglarynyň giňligi we gelşikliligi, dalanlarynyň ululygy, şeýle hem aşhanalarynyň häzirki zaman hojalyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Adam hakdaky alada we ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň esasy jähetleri bolup galýar. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň: «Döwlet adam üçindir!» syýasatynyň esasy ýörelgesine doly laýyk gelýär.

Täze jaýlara göçüp gelenleriň maşgalalary hormatly Prezidentimize raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky edýän aladasy we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.