Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuwda çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuwda çäre geçirildi

view-icon 3080
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuwda çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine hem-de onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler. Kitapda Bitarap Türkmenistanyň ösüşinde bilimiň we ylymyň ähmiýeti bellenilýär.