Ï Türkmenistanly gümrükçiler Latwiýada gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly gümrükçiler Latwiýada gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

view-icon 1694
Türkmenistanly gümrükçiler Latwiýada gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri iş sapary bilen Latwiýada boldular. Bu sapar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gullugynyň wekilleri üçin maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy» tarapyndan ýola goýuldy.

Saparyň maksady, soňlugy bilen, milli ulgama ornaşdyrmak üçin Ýewropa Bileleşiginde gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşmakdy.

Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň Milli gümrük müdirliginiň hünärmenleri Ýewropa Bileleşiginiň «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» atly ýörelgesi, elektron söwdanyň ösüşi bilen baglylykda gümrük dolandyryşyndaky üýtgetmeler, poçta arkaly ugradylan zatlary beýanatlamagyň sadalaşdyrylan amallary, import we eksport amallaryny awtomatlaşdyrmak bilen baglanyşykly dürli jähetleri we çözgütleri görkezdiler.

Sapara gidenler howplary awtomat usulda derňemegiň ýörelgelerini öwrendiler. Olar birnäçe gümrük gözegçilik nokatlaryna, «Riga erkin porty» barlag nokatlaryna we Riga howa menziline baryp gördüler. Merkezi Aziýanyň wekilleri Latwiýanyň «Latwiýa poçtasy» poçta aragatnaşygynyň milli operatorynyň binasynda poçta önümlerini sortlamak we gaýtadan işlemek, gümrük edaralary bilen maglumat alyşmak we beýannamalaryň awtomatik usulda tabşyrylyşy bilen tanyşdylar.

Mundan ozal, Ýewropa Bileleşiginiň hünärmenleri Merkezi Aziýa ýurtlaryna baryp, Latwiýanyň we ÝB-niň gümrük maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak, ösdürmek we ulanmak boýunça tejribesi bilen tanyşdyrmak arkaly maslahat ýardamyny beripdiler.