Daşoguz welaýatynyň Awtoulag ýollaryny ulanmak boýunça bölüminiň ýol-gurluşyk önümleri bölüminiň Boldumsaz etrabynda ýerleşýän asfalt zawody nobatdaky iş möwsümine taýýarlandy.
Enjamlary hemmetaraplaýyn taýýarlama işiniň gidişinde elektrik hereketlendirijileriniň, reduktorlaryň, wibratorlaryň we sürtülme täsirine sezewar bolan ähli elementleriň iş ýagdaýy barlandy we beýleki zerur işler geçirildi.
Kärhananyň işgärleri her ýyl geçirilýän ýol gurluşyk işleriniň gidişiniň we hiliniň köp babatda çeşmeleriň elýeterliligine baglydygyna düşünýärler. Zawodyň esasy enjamlary – sagatda 120 we 160 tonna asfalt öndürmek üçin niýetlenen iki sany häzirki zaman asfalt garyjy desga köp mukdarda öndürilýän önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ol welaýatda ýol infrastrukturasynyň yzygiderli ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Şol bir wagtyň özünde bölümiň işçi güýji inert material öndürmek bilen hem meşgullanýar. Ýylyň başyndan bäri awtoýollaryň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi üçin zerur bolan kyrk müň kub metr töweregi çagyl öndürildi.
Daşoguz welaýaty dürli maksatly ýol aragatnaşygynyň ösen ulgamyna eýedir. Bu ýerde awtomobilleşdirmegiň ösüşini göz öňünde tutup, ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga niýetlenen ýol gurluşynyň çalt ösmegi yzygiderli amala aşyrylýar.