Ï Türkmenistanyň DIM-nde Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1702
Türkmenistanyň DIM-nde Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde hem netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.