Ï Şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurtly suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurtly suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy

view-icon 380
Şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurtly suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurtly ussatlaryň şekillendiriş sungat eserleriniň sergisi açyldy. Sergide görkezilen eserler oňa halkara derejeli sergi diýmäge doly hukuk berýär.

Halkara sergi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň, şeýle hem ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň şekillendiriş sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi.

Serginiň açylyşynda ýakyn we alys daşary ýurtly suratkeşler türkmen kärdeşlerini şeýle serginiň açylmagy bilen sanly ulgam arkaly gutladylar.

Halkara sergisi çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň altyn gaznadan alnan häzirki zaman Türkmenistan baradaky suratlaryndan başlanýar. Olaryň arasynda Şükür Rozyýewiň «Arkadag şäheri», Hanmyrat Hanowyň «Dünýä» we beýleki işler bar.

Ondan soň daşary ýurtlara döredijilik saparlarynda bolup, suratlarynda özünde galan täsirlerini beýan eden türkmen nakgaşlarynyň sergisi başlanýar. Olaryň arasynda Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Gondolýer» (Wenesiýa) we «Amsterdam köprüsi» (Gollandiýa), Çarymyrat Ýazmyradowyň «Hindistanyň altyn ybadathanasy», Işan Işangulyýewiň «Uýalar» (Hindistan), «Singhunidio dagy» (Hytaý) ýaly işleri bar.

Ine-de, halkara serginiň esasy temasy – Ýewropa ýurtlarynyň XVIII asyryň ahyry – XIX asyryň başyndaky şekillendiriş sungaty. Bu ýerde şol döwürlerde otaglara bezeg beren gadymy mebeldir, tekjeleri nepis gap-gaçlar we ajap şekilde ýasalan kaşaň jäçler goýlupdyr.

Bu ýere gelenleriň arasynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň şol döwrüň wekilleri hanymlaryň we sypaýy jenaplaryň lybaslaryny geýen aktýorlary gabat gelýärdi. Ýeri gelende aýtsak, olaryň biri Puşkiniň hut özüdi. Üýtgeşik lybasly aktýorlar halkara sergisinde geçmişiň ruhuny döretdi, şeýle hem döwletlerimiziň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi ýatlatdy.

Muzeýiň ikinji gatyny tutýan dürli mekdepleriň žiwopis ussatlarynyň ajaýyp suratlary görkezildi. Olaryň arasynda Kolomande Braryň «Eli guşly gyz» (fransuz mekdebi), Fris Grebeniň «Çyraly manzar» (nemes mekdebi), Antonio Salwettiniň «Saçy goýberilen gyz» (florentina mekdebi), Iogann Glauberiň «Seýilgähdäki gala» (golland mekdebi), Ýozef Abeliň «Gorasiý we Kamila» (awstriýa mekdebi) we beýleki eserler bardy.

Heýkeller geçmişden galan pursatlar kysmy bir zatdy. Olardan iň gowularyndan biri Luiji Gulýeminiň mermerden ýasalan «Wenera we Amur» atly heýkelidi. Bürünç heýkeller – Z.H.Purogbunyň «At üstündäki albanly» we beýlekiler hem güýçli täsir edýär.

Şekillendiriş sungaty muzeýi açylany bäri zallaryň biri Günbatar Ýewropa sungatyna berlipdir. Onda XVIII asyryň ahyry we XIX asyryň başlarynda ýewropaly suratkeşleriň köp sanly suratlary bar. Häzirki halkara sergide muzeýiň ammarlarynda saklanýan eksponatlaryň hasabyna şekillendiriş sungaty eserleriniň sany hasam artdy.

Bu halkara sergisi Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bahasyna ýetip bolmajak medeni hazynalary saklaýan edara hökmünde abraýyny ýokarlandyrar.