Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 374
Türkmenistanyň wekiliýeti Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Sessiýa agza döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ählumumy neşe syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek strategiýalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň neşe bilen baglanyşykly meselelere garşy göreşmek we hukuk goraýjy çäreler bilen jemgyýetçilik saglygy goraýyş çäreleriniň arasynda deňagramly çemeleşmäni ilerletmek ugrundaky tagallalaryny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmäge we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit we halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, wekiliýet ugurdaş çärelere gatnaşdy. Olaryň dowamynda halkara kärdeşler bilen öňdebaryjy tejribe alyşyldy we ählumumy neşe syýasatyny güýçlendirmek üçin innowasion çemeleşmeler öwrenildi.