Ï Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 355

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň bütin dünýäde rowaçlanmagyna giň ýol açýar. Duşuşygyň dowamynda bilelikde amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi. Şunda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary öz içine almagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä, söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa işlenip taýýarlanyldy. Şundan ugur alnyp, Milli Liderimiziň: “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaýar” diýen parasatly jümlesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky utgaşykly işleriň binýadyna öwrüldi. Duşuşykda çagalaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy bellenildi.

Hanym Jalpa Ratna diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Şeýle hem ol ýakynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä nusgalykdygyny belläp, ÝUNISEF-niň wekili gaznanyň döredilen wagtyndan bäri ähmiýetli çäreleri amala aşyrýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 4 ýyl dolýandygy, şu döwürde bu düzüm tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna kömek-goldawlaryň berlendigi, ýurdumyzda köp sanly mätäç çagalaryň gaznanyň hasabyna bejergi alandygy barada aýdyldy. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň beýanydyr.

Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli giň möçberli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, gaznanyň wise-prezidenti ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem garaldy.