Ï Kreatiw pudaklar Türkmenistanda geçirilen halkara forumyň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kreatiw pudaklar Türkmenistanda geçirilen halkara forumyň üns merkezinde

view-icon 107
Kreatiw pudaklar Türkmenistanda geçirilen halkara forumyň üns merkezinde

13-14-nji martda Aşgabat şäheri «Türkmenistanyň kreatiw we innowasiýa ykdysadyýeti» halkara forumynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmenistan Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde guralan bu çäre bir meýdança ýaş kreatorlary we hünärmenleri jemledi.

Häzirki wagtda kreatiw ykdysadyýeti dürli ýurtlarda ösüşiň esasy hereketlendirijilerine öwrülýär. Türkmenistanda döwletiň goldawy netijesinde maglumatlar tehnologiýasy, sungat, fotosurat, wideografiýa, moda we senetçilik hünärleri işjeň ösýär.

Forumyň öňüsyrasynda paýtagtyň koworking-merkezinde ýurdumyzyň kreatorlarynyň we kreatiw ykdysadyýeti boýunça halkara hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Londonyň meriniň edarasyndaky kreatiw senagatynyň ilçisi we Bütindünýä kreatiw ykdysadyýeti geňeşiniň başlygy Jon Nýubigin, Merkezi Aziýanyň sungat we döredijilik ykdysadyýet bölüminiň müdiri Galina Koreskaýa (Gazagystan), halkara bilermen, Kreatiw senagatlar assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Nazgul Kubakaýewa (Gyrgyzystan), «Ololo» kreatiw hablarynyň esaslandyryjysy we ussady Daniýar Amanaliýew (Gyrgyzystan), döredijilik telekeçiligi maksatnamalarynyň barlagçysy we tälimçisi Anastasiýa Gonçarowa (Gazagystan) gatnaşdylar.

Foruma gatnaşanlar öz gazananlaryny paýlaşdylar we intellektual işden döreýän harytlary we hyzmatlary satmak esasynda kreatiw pudagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenler öz tejribelerini, kreatiw pudaklarynyň ählumumy ugurlary we Türkmenistanyň geljegi baradaky synlaryny paýlaşdylar.

Forumyň esasy wakasy «Ýyldyz» myhmanhanasynda çäräniň açylmagy boldy. Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendiler.

Maslahatyň mejlislerinde kreatiw we innowasiýa ykdysadyýetiniň sazlaşykly we yzygiderli pudagyny ösdürmegiň strategiýalary, medeni miras pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, kreatiw pudagyny ösdürmek üçin sanly tehnologiýalary ulanmak we telekeçilige maýa goýumlaryny çekmek gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisleriň biri kreatiw ykdysadyýetiň ösmeginde zenanlaryň we ýaşlaryň ornuna bagyşlandy. Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň binýadynda işleýän Türkmenistanyň Işewür zenanlar merkeziniň wekili Güljemal Gurbanowa işewür zenanlaryň sanynyň köpelmegi we täsirleriniň ýokarlanmagy barada gürrüň etdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri ýaşlar üçin mümkinçilikler barada maglumaty paýlaşdylar.

Forumyň çäklerinde ýurduň çar künjeginde hünärmenler tarapyndan döredilen amaly-haşam önümleriň sergisi guraldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň modalar öýi milli keşdelerden ruhlanan zenan lybaslarynyň özboluşly kolleksiýasynyň moda sergisini geçirdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistanyň kreatiw we innowasiýa ykdysadyýeti» atly halkara forum dialoga we halkara tejribe alyşmaga ýardam etdi, netijeli goldaw ulgamlarynyň döredilmegine esas döretdi, hususy pudagyň gatnaşygyny artdyrdy we innowasiýa gönükdirilen ykdysadyýetiň döremegine ýardam etdi.