Ï «Döwletli» kompaniýasy ýurdumyzda optiki süýümli kabelleri öndürýän ýeke-täk öndürijidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Döwletli» kompaniýasy ýurdumyzda optiki süýümli kabelleri öndürýän ýeke-täk öndürijidir

view-icon 400
«Döwletli» kompaniýasy ýurdumyzda optiki süýümli kabelleri öndürýän ýeke-täk öndürijidir

17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, hususy telekeçiligiň ösüşlerini açyp görkezýän sergi öz işine başlady. Ol üç gün dowam eder. Sergi we onuň çägindäki tanyşdyrylyş çäreleri, ikitaraplaýyn duşuşyklar, hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagynyň 17 ýyllygyna bagyşlanýar.

Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösýändigini, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň ýokary hilli öndürilýändigini, eksport kuwwatlylygynyň pugtalandyrylýandygyny, dünýäde ylmyň we şol bir wagtda tehnologiýanyň ösýän döwründe ýurdumyzda sanly tehnikanyň, tehnologiýanyň çalt depginde ösýändigini sergidäki ekspozisiýalaryň mysalynda aýdyp bileris.

Sergide özüniň önümlerini halk köpçüligine ýetirýän «Döwletli» kompaniýasynyň esaslandyryjysy, telekeçi Amanaýew Döwletmyrat:

– Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde, ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwürde «Döwletli» kompaniýasynyň agzybir işgärleri hyjuwly zähmet çekýärler.

«Döwletli bilen geljege barýan ýoluňyzy tapyň!» şygar astynda 21 ýyl hereket edip gelýän kompaniýamyz ýurdumyzda optiki süýümli kabelleri öndürýän ýeke-täk we öňdebaryjy öndüriji bolup durýar. Ol 2001-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Kompaniýa talaplara doly laýyk gelýän optiki süýümli kabelleri çalt öndürmäge ukyply bolup, kompýuterleriň giň toplumyny, şeýle hem öz önümçiligimiziň özboluşly kompýuter korpuslaryny, IT önümleriniň giň toplumyny, passiw telekommunikasiýa enjamlarynyň baý görnüşlerini hödürleýäris – diýip aýdýar.

Telekeçi Amanaýew Döwletmyrat:

– Kompaniýamyzyň öz assortimentlerini giňeltmegini dowam etdirjekdigini belläsim gelýär hem-de biziň maksadymyz dünýä bilen bilelikde öňe gitmek we ösmek üçin ýokary hilli IT çözgütlerini döretmekdir – diýip, buýsanç bilen belleýär.

Sergide hususy kärhanalaryň önümleriniň giň köpçülige hödürlenilmegine uly mümkinçilikler döredildi.