2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda sergi-ýarmarka işleri babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Halkara sergiler býurosynyň maliýe we administratiw gün tertibine seredip geçmek üçin meýdança boljak hem-de Türkmenistanyň halkara sergiler jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrjak Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň 19-njy martda Aşgabatda geçiriljek mejlisi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2024–2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024–2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ähmiýeti nygtaldy.
Şol bir wagtyň özünde “Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023–2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” ýerine ýetirilişine syn berildi.
Sergi işiniň aýry-aýry dersleri boýunça seminarlaryň geçirilmegi, halkara sergilerinde Türkmenistanyň pawilýonlaryny gurnamak boýunça hyzmatdaşlyk, dürli derejedäki özara saparlaryny amala aşyrmak we beýlekiler gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Söhbetdeşler Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meselä aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çäreleriň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de dünýäniň sergiler giňişligine goşulyşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.