Ï «Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar

view-icon 691
«Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlary görkezildi. 

Türkmenistanyň milli maýa goýum strategiýasynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, «Hazar logistika» kompaniýasy özüniň tiz hem ynamly ýük daşamak hyzmatynyň mümkinçiliklerini beýan etdi.

Kompaniýanyň koordinatory Selbi Nuryýewanyň belleýşi ýaly, «Hazar logistika» kompaniýasy 2020-nji ýylda Mary welaýatynda esaslandyrylandyr. Onuň filiali ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, Türkmenbaşyda we Maryda, daşary ýurduň 6 künjeginde – Hytaýda, Türkiýede, Gruziýada, Özbegistanda, Eýranda, Gazagystanda hereket edýär. Dünýäniň islendik ýerine demirýol, awtoulag, deňiz, howa ýollary arkaly ýükleri konteýnerli we aýratyn howply ýükleri daşamak usuly üstünlikli hereket edýär. Demirýol ýarym wagonlardan, awtoulaglardan, 20 we 40 futlyk konteýnerlerden ybarat ulag toplumy bar.

ISO 9001–2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk hereket edýän kompaniýada daşama wagtynda ýükleriň howpsuzlygyna, gowşurma möhletleriniň doly berjaý edilmegine, durnukly nyrh syýasatyna aýratyn üns berilýär. Täzelikde gatnaw amala aşyrylýan wagtynda müşderiniň ýük amallaryndan habarly bolup durmagyny üpjün edýän internet hyzmatlary hem ýola goýlupdyr.